- togalamak
- işlik1) Bir zady togalak etmek, şar görnüşine getirmek.∙ Oglanlar palçykdan togalap göjek ýasadylar.2) Oklaw, turba görünüşine getirmek.∙ Demriň bir listini togalamak üçin 4-6 adamyň güýji talap edilýärdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)3) Tigirläp goýbermek, tigirläp, itip alyp gitmek.∙ Çelegi togalap alyp gitdiler.4) Agdaryp goýbermek, ýykmak.∙ Tüpeňiň nili äpişgäniň ýokarky gözlerine ilip, aýnany kül-pagyş etdi, özüni hem arkanlygyna togalady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.